24-nji aprelde Sloweniýada geçirilen parlament saýlawlarynda Robert Golobyň ýolbaşçylygyndaky çepçi “Erkinlik hereketi” partiýasy ýeňiş gazandy. Sesler doly sanalandan soňra, “Erkinlik” partiýasynyň dolandyryjy konserwatiw “Sloweniýanyň demokratik partiýasyndan” öňe saýlanandygy belli boldy.
Respublikanyň döwlet saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, “Erkinlik hereketi” partiýasy sesleriň 34,54%-ine eýe boldy. Ikinji orny 23,53% ses bilen Premýer-ministr Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky “Sloweniýanyň demokratik partiýasy”, üçünji orny 6,85% ses bilen Mateý Toniniň “Täze Sloweniýa – Hristian demokratlary” partiýasy eýeledi. Tani Faýonyň “Sosial demokratlar” partiýasy 6,65% bilen dördünji orunda, Luki Mesesiň “Çepçiler” partiýasy 4,38% bilen bäşinji orunda gelýär. Beýleki partiýalar parlamente girmek üçin zerur sesleriň 4%-ini alyp bilmedi.
Şeýlelik bilen, Robert Golobyň partiýasy döwlet mejlisindäki 90 orundan 41 orna (Respublikanyň mejlisiniň aşaky palatasy), Ýanşiniň partiýasy 27 orna, Toniniň syýasy güýji 8 orna, Faýonyň partiýasy 7 orna, “Çepçiler” partiýasy 5 orna eýe boldy. Galan iki orun italýan we wenger milli jemgyýetleriniň ýaşaýan ýörite sebitlere degişli bolup, olaryň eýeleri sesleriň köplügi bilen kesgitlenýär.