“Dacia” brendine hem eýeçilik edýän “Renault” kompaniýasynyň satuwy geçen çärýekde 9,748 milliard ýewro boldy. Kompaniýa soňky ýyllarda elektrik energiýasy bilen işleýän modelleriniň sanyny artdyrýar. Bu ugra has köp üns berýän fransuz kompaniýasy elektroulag önümçiligi üçin aýratyn şaha döretmegi maksat edinýär. Şeýlelikde, kompaniýanyň esasy iki bölümi – elektroulag we adaty ýangyçly ulag bölümi bolar.
Kompaniýa ýakynda geljekki maksatlary we strategiýasy barada jikme-jik maglumat berjekdigini mälim etdi.