Çagalar entek dil bitmänkä aýtmak isleýän zatlaryny hereketler ýa-da oýunlar arkaly düşündirýärler. Çaga wagtynda oýun oýnamak adamyň döredijiligini ösdürýär, netije çykarmak, çözgüt tapmak ukybyny artdyrýar. Oýnawajyny deň-duşlary bilen bile oýnan çaga zadyny paýlaşmagy, özüne degişli zada eýe çykmagy öwrenýär. Şeýle hem sabyr etmegi, garaşmagy, çemçede nahar iýmek we beýleki gurallary ulanmak ýaly gündelik durmuşda gerek bolan endikleri öwrenýär. Oýun diňe fiziki taýdan däl, aň taýdan hem çaga üçin peýdalydyr. Wagtly-wagtynda naharlanmagyň zerur bolşy ýaly, wagtly-wagtynda oýun oýnamak hem çaga üçin zerurdyr. Çaga oýunlar arkaly ünsli bolmagy, täze sözleri, bir zady gürrüň bermegi, gepini düşündirmegi öwrenýär. «The Journal Pediatrics» žurnalynda çap edilen makalada oýun oýnaýan çagalaryň dersde has ünsli bolýandygy ýüze çykarylypdyr. 8-9 ýaşly çagalaryň arasynda geçirilen bu synagda günüň dowamynda 15 minutdan köp oýun oýnaýan çaganyň sapaklarynda has gowy netije görkezendigi anyklanypdyr. «Early Childhood Education Journal» žurnalynda çap edilen ylmy makalada mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň erkin ýagdaýda we ulularyň ugrukdyrmagy bilen oýun oýnanlarynda isleg-arzuwlaryny has gowy düşündirip bilýändigi ýüze çykarylypdyr. Şeýle hem çaga ýaşdaky oýunlaryň hakyky durmuşda gerekli bolan ukyplaryň ösdürilmegine goşant goşýandygy anyklanypdyr.

Almagül HALJANOWA,
Aşgabat şäherindäki 18-nji çagalar bagynyň dil düzediş mugallymy.