Elektroulaglar adaty ýangyçly ulaglardan gymmatdygy sebäpli hemmeler üçin elýeterli bolmaýar. Şeýle bolansoň, has kiçi göwrümli, az energiýa sarp edýän elektroulaglaryň sany barha artýar. Bu ulaglar arzan we sürlen wagty az energiýa sarp edýändigi sebäpli az çykdajyly hasaplanýar. Hytaýda “Changan Lumin Corn” atly şereket şäher içinde sürmäge niýetlenen ulagyny tanyşdyrdy. Bir gezekki zarýady bilen 210 kilometre çenli ýol geçip bilýän ulagyň ýakyn geljekde 300 kilometre çenli ýol geçip bilýän nusgasy hem peýda bolar. Ýurtda şäheriçi elektroulaglara bolan isleg örän ýokary. Häzirki wagtda “Wuling Mini EV” atly ulag ýurtda iň köp isleg bildirilýän elektroulag hasaplanýar. Täze tanyşdyrylan ulag bolsa, “Wuling Mini EV”-iň bäsdeşi bolar. “Lumin Corn”-yň uzynlygy 3270 mm, ini 1545 mm, beýikligi 1700 mm. Ulagyň , ilkinji nobatda, 12,92 kW/sagat hem-de 17,65 kW/sagat batareýalysy bolan iki görnüşi satylar. Kiçi batareýalysy bir gezekki zarýady bilen 155 kilometr, ulusy 210 kilometr ýol geçer. Geljekde has uly batareýalysy çykyp, ol 300 kilometrden gowrak ýol geçmäge ukyply bolar. “Lumin Corn”-yň hereketlendirijisiniň kuwwaty 41 at güýjüne barabar bolar. Geljekde oňa 48 at güýjüne barabar kuwwaty bolan motor oturdylar. Iki gapyly, dört orunlyk ulag ýönekeý we owadanlygy bilen özüne çekýär. Ulagyň içki gurluşynda multimediýa ulgamy göz öňünde tutulypdyr.