Ikinji möhlete saýlanan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň kasam kabul edişlik dabarasy 14-nji maýda Ýeliseý köşgünde geçiriler. Bu barada Fransiýanyň döwlet sekretary Gabriel Attal 24-nji aprelde geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň hökümetiň ilkinji ýygnagynda mälim etdi.
-Täzeden saýlanan Prezidentiň ikinji möhletine girişmegi mynasybetli, kasam kabul edişlik dabarasy 14-nji maýda meýilleşdirilýär – diýip Gabriel Attal aýtdy.
Döwlet sekretary Respublikanyň täze Ministrler Kabinetiniň dörediljek wagtyny aýtmakdan saklandy.
Mundan ozal Fransiýanyň Premýer-ministri Žan Kasteks düzgüne laýyklykda, saýlawlardan soň gysga wagtda wezipesinden çekilýändigi barada döwlet Baştutanyny habardar etmek isleýändigini ýaňzydypdy.
27-nji aprelde Fransiýanyň Konstitusiýa geňeşi saýlawlaryň netijelerini jemläp, Emmanuel Makrony geljek bäş ýylda Respublikanyň Prezidenti diýip yglan etdi. Maglumatlara görä, Emmanuel Makron saýlawçylaryň 18,7 million sesine (58,55%), onyň esasy bäsdeşi “Milli bileleşik” partiýasynyň başlygy Marin Le Pen bolsa, saýlawçylaryň 13,2 million sesine (41,45%) eýe boldy. Fransiýada Prezident saýlawlary iki tapgyrda – 10-njy we 24-nji aprelde geçirildi.