ABŞ-nyň elektron söwda bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýegine degişli maliýe maglumatlaryny mälim etdi. Kompaniýanyň beren beýanatynda ýanwar-mart aýlarynda girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7 göterim ýokary bolup, 116,4 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 108,5 milliard dollarlyk girdeji hasaba alnypdyr. Sargyt edilen harytlary müşderileriň salgysyna eltip berýän kompaniýanyň geçen ýylyň birinji ýarymynda 15,8 dollar bolan her paýnamadan alýan girdejisi bu ýylyň birinji çärýeginde 7,6 dollar bolupdyr.
Hüseýin Annalyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby