Bilşimiz ýaly, dünýäde ösen kompaniýalaryň ählisi hyýaly hakykat (AR) hyzmatlaryny peýdalanyp, girdejisini ýokarlandyrýarlar. Şeýle kompaniýalaryň biri-de, ABŞ-nyň «Pizza Hut» kompaniýasydyr. Kompaniýa geçen ýyl gutularynyň daşynda oýun oýnalýan hyýaly hakykat (AR) mümkinçiligi bilen, «Pac-Man» oýunly pizzalaryny satuwa çykarypdy. Bu täze önüme isleg garaşylandan ýokary boldy. Müşderileri çekmek üçin oýun nyşanynyň ulanylmagy kompaniýanyň «Newstalgia» kampaniýasynyň bir bölegini düzýär.

«Pac-Man» barada aýdylanda bolsa, pizza gutularynda QR kodlary bolup, müşderileriň smartfonynda skanirlenen QR kodlary arkaly, oýnuň AR nusgasy açylýar we oýun meýdançasy döreýär. Bu oýan beýleki müşderiler hem goşulyp bilýär.

«Pizza Hut»-yň marketing boýunça ýolbaşçysy Jorj Feliks «Insider» neşirine beren beýanatynda «Newstalgia” baradaky pikir, müşderilerimizi diňlemekden, söwda markasy bilen baglanyşdyrýan we iň gowy görýän zatlaryny sowgat hökmünde hödürlemekden döräpdi» – diýip belledi.

Kompaniýany güýçlendirmek üçin «Pizza Hut» teleýaýlym mahabaty üçin aktýor, komediýaçy we täze metbugat sekretary bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Umuman aýdylanda, «Pizza Hut» «PAC-MAN» atly oýny paýlaşyp, janköýerlere adaty «PAC-MAN» oýun otagyny gazanmaga mümkinçilik berýän hyýaly hakykat pizza gutusynda «Newstalgia» duýgusyny döretmegi maksat edinipdir.

«Pizza Hut» gutusynda oýun oýnalýan hyýaly hakykat (AR) ýerleşdirilen pizzalaryny satuwa çykaryp başlaly bäri rekord derejede girdeji gazanýar. Kompaniýanyň marketingleri geljekde bu önümleriniň täze görnüşlerini artdyrjakdygyny ynam bilen aýdýarlar.

Hesel JUMAŞOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.