Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli babatda ösýär, özgerýär. Bagtyýar halkymyzy mähriban Diýarymyzda günübirin bolup geçýän täzeliklerdir hoş habarlary gyzgyny bilen tanyşdyrmakda ýurdymyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň aýratyn uly ornynyň bardygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda çap edilýän islendik gazet-žurnallary ykjam el telefonlaryň, ýan kompýuterleriň üsti bilen islendik ýerde, islendik wagtda okamak mümkin. Bu bolsa ýurdumyzda sanly ulgamyň barha kämilleşýändigini görkezýär, her bir okyja gazet-žurnallardaky çap edilýän makalalary gyzgyny bilen okap tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Şu günleri ýurdumyzyň ähli ýerinde 2022-nji ýylyň II ýarym ýyllygynyň elektron we çap görnüşine abuna ýazylşygy dowam edýär. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň işgärleri, işjeň agzalarymyz bolup, II ýarym ýyllyk abuna uly höwes bilen ýazylýarys. Esasan-da, Zaman Türkmenistan gazetine abuna ýazylýanlaryň köpdigini aýratyn bellemek gerek. Çünki, Zaman Türkmenistan gazetinde diňe ýurdymyzda däl-de, eýsem dünýä ýüzüniň aýdym-saz, kinofilm dünýäsiniň täzeliklerini, awto, sport, okaň dynç alyň, sungat, ylym we tehnologiýa, saglyk ýaly bölümlerinde çap edilýän gyzykly makalalar okyjylaryň ünsüni çekýär. Şeýle hem çagalar üçin yzygiderli çap edilýän dürli oýunlar, ertekiler Watanmyzyň röwşen gelejegi bolan ýaşlarmyzyň aň paýhasynyň kämilleşmegine, olaryň, ylym-bilimden ýüki ýetik ýaşlar bolup ýetişmegine uly mümkinçilik berýär. Hormatly okyjylar, ýurdumyzyň beýleki gazet-žurnallary bilen bir hatarda Zaman Türkmenistan gazetine abuna ýazylmaga çagyrýaryn. Bu gazet bilen wagtynyňyz gyzykly, manyly-mazmunly geçýär.
Mekan Hudaýberdiýew,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni