«Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji ge­zek müş­de­ri­le­ri­niň sar­gyt­la­ry­ny dron bi­len sal­gy­la­ry­na ibe­rer. Il­kin­ji no­bat­da, ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky Lok­ford et­ra­byn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tä­ze tas­la­ma, soň­lu­gy bi­len has köp ýer­de ýo­la goý­lar. «Ama­zon» dron­ly el­tip ber­mek hyz­ma­ty­nyň ha­çan ýo­la go­ýul­jak­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­di. Bu ba­ra­da­ky ber­len mag­lu­mat­da: «Şu ýyl Lok­ford­da ýa­şa­ýan ula­ny­jy­la­ry­myz il­kin­ji ge­zek sar­gyt eden ýük­le­ri­ni ho­wa ýo­ly ar­ka­ly alyp bi­ler­ler. «Pri­me Air» (dron­ly ýük elt­mek hyz­ma­ty) bi­len bag­ly müş­de­ri­le­riň pi­kir­le­ri beý­le­ki ýer­ler­dä­ki müş­de­ri­le­ri­mi­ziň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin örän äh­mi­ýet­li bo­lar» diý­lip bel­le­nil­ýär.
Köp ýyl­dan bä­ri bu hyz­ma­ty ýo­la goý­mak üçin ta­gal­la ed­ýän «Ama­zon» dron­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­dy.
Tä­ze tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de 4 mü­ňe go­laý dron sar­gyt edi­len buk­ja­la­ry ýa­şaý­jy­la­ryň how­lu­sy­na el­ter. Müş­de­ri­ler dron­lar ar­ka­ly sar­gyt edip bil­jek harytla­ry­nyň sa­na­wy­ny hem-de ola­ryň nä­çe wagt­dan sal­gy­sy­na ge­ti­ril­jek­di­gi­ni «Ama­zon»-yň saý­tyn­da gö­rüp bi­ler­ler. «Ama­zon» ha­ryt­la­ry dron ar­ka­ly bir sa­gat­dan az wagt­da müş­de­rä ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär.

Ogul­şe­ker AN­NAO­RA­ZO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.