“Golden Steýt Warriors” 7-nji gezek NBA-nyň çempiony

112
BOSTON, MASSACHUSETTS - JUNE 16: Stephen Curry #30 of the Golden State Warriors raises the Larry O'Brien Championship Trophy after defeating the Boston Celtics 103-90 in Game Six of the 2022 NBA Finals at TD Garden on June 16, 2022 in Boston, Massachusetts. NOTE TO USER: User expressly acknowledges and agrees that, by downloading and/or using this photograph, User is consenting to the terms and conditions of the Getty Images License Agreement. (Photo by Elsa/Getty Images)

Basketbol sportunyň iň uly guramaçylygy bolan Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da 76-njy möwsümiň çempiony belli boldy. Finalyň 6-njy duşuşygynda umumy hasapda öňde barýan “Golden Steýt Warriors” myhmançylykda “Boston Seltiksi” 103:90 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, umumy hasapda 4-2 öňe saýlanan “Golden Steýt Warriors” topary soňky 8 ýylda 4-nji, umumylykda-da 7-nji gezek NBA-nyň çempionlygyny gazandy (1947, 1956, 1975, 2015, 2017, 2018, 2022). Topar “Çikago Bullsdan” öňe saýlanyp, NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan 3-nji kluby boldy. Mälim bolşy ýaly NBA-da 17 gezek çempion bolan “Los Anjeles Leýkers” bilen “Boston Seltiks” 1-2-nji orunlary paýlaşýarlar.

Duşuşykda 34 utuk geçirip, toparynyň çempionlygyna uly goşant goşan Stefen Körri final oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysy (MVP) diýlip saýlandy. Bu baýragy ilkinji gezek gazanan Körri 4-nji sapar NBA-nyň çempiony bolmagy başardy.