“Skytrax” şereketi 2022-nji ýylyň iň gowy howa menzilleriniň sanawyny mälim etdi. Halkara howa gatnawlaryna baha berýän reýting edarasy Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen “Passenger Terminal EXPO” çäresiniň çäklerinde dünýäniň iň gowy howa menzillerini mälim etdi. Sanawda Kataryň paýtagtyndaky Doha Hamad halkara aeroporty birinji boldy. Bu howa menzili geçen ýyl hem bu sanawyň başyny çekipdi. Işgärleriň ýolagçylara iň gowy hyzmat edýän hem-de iň gowy tagam hödürleýän aeroporty ugrundaky iki baýragy hem Singapuryň “Changi” halkara aeroporty aldy. Tokýonyň Haneda aeroporty dünýäniň iň arassa howa menzili saýlanypdyr. Bu aeroport içerki gatnawlarda Dünýäniň iň gowy aeroporty, Aziýanyň iň gowy aeroporty baýraklaryna hem mynasyp boldy.
Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki Patyşa Halid halkara aeroporty dünýäniň iň ösen howa menzili diýlip kabul edildi.
Bu aýratyn baýraklar bilen bir hatarda dünýäniň iň gowy 20 aeroportynyň sanawy hem taýýarlandy.
Orazgül Annamämmedowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy