«Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy A321XLR at­ly bir ko­ri­dor­ly ýo­lag­çy uça­ry­nyň il­kin­ji sy­nag uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Il­kin­ji uçu­şy şow­ly ta­mam­la­nan uça­ryň 2024-nji ýyl­da önüm­çi­li­ge goý­be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. A321XLR (extra Long Ran­ge) uça­ry­nyň dört ýa­rym sa­gat­dan gow­rak do­wam eden uçu­şyn­da uçu­şa gö­zeg­çi­lik ul­ga­my, mo­tor­la­ry we beý­le­ki enjamlary pes we ýo­ka­ry tiz­lik­de bar­la­nyp gö­rül­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň Gam­burg howa menzilinden ama­la aşy­ry­lan uçu­şa uçarman­lar­dan baş­ga-da in­že­ner­ler hem gat­naş­dylar. Tä­ze uça­ryň her orun üçin 30 gö­te­rim az ýan­gyç sarp ed­ýän­di­gi, ýan­gyç bilen bir ge­zek dol­du­ry­lan­da 8 müň 700 ki­lo­metr ýol ge­çip, 11 sa­gat uçup bil­ýän­di­gi mä­lim edil­di. 180-220 orun­lyk uçardan eý­ýäm 500-iniň sar­gyt edilendigi aýdyldy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň iň uly bäs­de­şi bo­lan «Boeing» bu uça­ryň de­ňe­çe­ri­ni ön­dür­jek­di­gi ba­ra­da hä­zi­re çen­li mag­lu­mat ber­me­di.