Ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän «Ericsson» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li dün­ýä­de 1 mil­liard abu­na­çy 5G hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp baş­lar. 2027-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­niň 4,4 mil­li­ar­da ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şwed kom­pa­ni­ýa­sy­nyň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gy­na de­giş­li taý­ýar­lan «Ericsson Mo­bi­li­te» at­ly mag­lu­ma­tyn­da 5G, mo­bil mag­lu­mat­lar we ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti (IoT) ba­ra­da ha­bar be­ril­ýär. Mag­lu­mat­na­ma­da mo­bil mag­lu­mat­la­ryň ge­çi­ri­li­şi soň­ky iki ýy­lyň do­wa­myn­da iki es­se ar­typ­dyr. Mu­nuň se­bä­bi hök­mün­de smart­fon ula­ny­ly­şy­nyň kö­pel­me­gi, in­ter­net tiz­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy we se­na­ga­tyň san­ly ul­ga­ma geç­me­gi gör­ke­zil­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar bu ar­ty­şyň do­wam et­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär. «Ericsson»-yň çak­la­ma­sy dog­ry çy­kan ýag­da­ýyn­da dün­ýä ila­ty­nyň dört­den bir bö­le­gi in­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň 5-nji nes­lin­den peý­da­la­nar. Şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de 5G abu­na­çy­la­ry­nyň sa­ny 70 mil­li­on kö­pe­lip­dir. Mag­lu­mat­na­ma­da bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, 2027-nji ýyl­da dün­ýä ila­ty­nyň dört­den üçü­ne 5G hyz­ma­ty el­ýe­ter­li bo­lar. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da 5G hyz­ma­ty­na el­ýe­ter­li­lik ge­çen ýyl 20 gö­te­rim bo­lan bol­sa, 2027-nji ýyl­da 90 gö­te­ri­me ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da 6 gö­te­rim bo­lan bu gör­ke­zi­ji ýe­ne-de 5 ýyl­dan 82 gö­te­ri­me ýe­ter. De­giş­li dö­wür­de bu gör­ke­zi­ji Aý­lag ýurt­la­ryn­da 9 gö­te­rim­den 80 gö­te­ri­me, De­mir­ga­zyk-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ryn­da 74 gö­te­ri­me ýe­ter. Hä­zir­ki wagt­da 5G hyz­ma­ty ýo­la go­ýul­ma­dyk Hin­dis­tan­da 2027-nji ýy­la çen­li abu­na­çy­la­ryň 40 gö­te­ri­mi 5G-li bo­lar. 2027-nji ýyl­da 4,4 mil­liard adam 5G hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nar.
Mag­lu­mat­na­ma­da 2021-nji ýyl­da Ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti­niň 4G we 5G-de ula­ny­ly­şy­nyň 2G we 3G-den ge­çen­di­gi mä­lim edil­di.