Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Inter” bilen “Ýuwentus” duşuşdy. Rimdäki Olimpiýa stadionynda oýnalan oýnuň 7-nji minutynda Nikola Barella “Interi” öňe saýlady. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda “Ýuwentus” erjel başlap, 55 sekuntda 2 gol geçirdi. 50-nji minutda Aleks Sandro, 52-nji minutda-da Duşan Wlahowiç tapawutlanyp, “Ýuwentusy” öňe çykardy. Ýöne 80-nji minutda eminiň bellän penaltisini dürs uran Hakan Çalhanoglu hasaby deňlemegi başardy. Duşuşygyň esasy wagty 2-2 deňlikde gutaryp, goşmaça wagtda “Inter” yzly-yzyna 2 gol geçirdi. Goşmaça wagtyň ilkinji 15 minuty tamamlanmanka, has takygy, 99-njy minutda penaltiden hem-de 102-nji minutda batly urgy bilen Iwan Perişiç tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. 4-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter” 11 ýyldan soň 8-nji gezek Italiýanyň Kubogyny eýelemegi başardy (1939, 1978, 1982, 2005, 2006, 2010, 2011, 2022). 21-nji finalynda 7-nji sapar utulan “Ýuwentus” 2011-nji ýyldan soň bir möwsümi kuboksyz tamamlar.