“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçar gatnawlaryny täzeden dikeltmek üçin degişli işleri alyp barýar. Şonuň netijesinde, awiakompaniýa Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherine adaty halkara uçar gatnawlaryny ýola goýýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan alnan maglumata görä, bu awiakompaniýa şu ýylyň 1-nji iýulyndan Moskwa ugry boýunça gatnawlara başlaýar. Bu gatnaw Moskwa ugry boýunça her hepdäniň şisenbe we perşenbe günlerinde ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan ozal dünýädäki ýagdaýlary nazara alnyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý we Kazan şäherlerine adaty halkara uçar gatnawlaryny ýola goýupdy.