26-njy iýunda Bawariýanyň (Germaniýa) Garmiş şäherindäki Elmau köşgünde G7 toparynyň sammiti öz işine başlady. “Uly ýedilik” ABŞ, Germaniýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa we Kanadany öz içine alýan ykdysady taýdan ösen ýedi ýurduň birleşmesidir. G7 ýurtlarynyň liderleriniň, şeýle hem Argentinanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Senegalyň we Günorta Afrika Respublikasynyň liderleriniň hem gatnaşjak maslahaty 28-nji iýuna çenli dowam eder.

Sammitiň dowamynda dünýä ykdysadyýeti, ösýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, daşary we howpsuzlyk syýasaty, durnukly ösüş, azyk howpsuzlygy, köptaraply hyzmatdaşlyk we sanly tehnologiýalar ýaly ýedi iş mejlisi geçiriler. Şeýle hem, sammite gatnaşyjylar dünýäde energiýa we azyk önümleriniň bahasyny arzanlatmak üçin täze şertnamalary baglaşmagy meýilleşdirýärler.

29-njy iýunda Sammitiň gutaran gününiň ertesi dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň wekilleri Ispaniýanyň paýtagty Madridde NATO-nyň her ýylda guralýan sammitine gatnaşarlar.