Niderlandlaryň “Infarm” kompaniýasy ABŞ-da üçünji dik ýyladyşhananyň açylandygyny habar berdi. Ýyladyşhana gije-gündiziň dowamynda işäp, bu ýerde her ýylda 45 million ösümlik ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik bar. Ýyladyşhananyň ösümlikler üçin sarp ediljek ýeri we suwy 95% tygşytlamaga ýardam berjekdigi nygtalýar.
Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler baradaky maglumatlar ýurtdaky beýleki iki «Infarm» ýyladyşhanasy bilen paýlaşylýar. Bu ýerde ilkinji hasyl 2023-nji ýylyň ýazynda alnar.
Geljekde “Infarm” kompaniýasy ABŞ-da dik ýyladyşhanalaryň tutuş toplumyny gurmagy maksat edinýär. Kompaniýa suwy tygşytlamakdan başga-da, ýladyşhananyň “ýaşyl” energiýa bilen işleýşini işjeň ösdürýär.
“Infarm” kompaniýasy ösümliklerden we gök otlardan başga-da kömelek, ýertudana, burç, alça, pomidor we nohut ýaly gök ekinleri ösdürip ýetişdirýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli öz önümlerini dünýäniň 20 ýurdundawa çykarmagy meýilleşdirýär.
Döwlet JUMADURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby