“Brittany Ferries” kompaniýasy dünýäniň iň uly gibrid gämisi bolan “Saint-Malo”-nyň 2024-nji ýylda satuwa çykarmaga taýýardygyny habar berdi. Uzynlygy 200 metre deň bolan gämi 11,5 MWt kuwwatly batareýa bilen enjamlaşdyrylar. Bu görkeziji, adatça, deňiz gibrid hereketi üçin ulanylýanlardan iki esse artykdyr.
“Saint-Malo” gämisiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin energiýa sarp edilişini optimallaşdyrýan birnäçe ulgam birleşdiriler.
“Brittani Ferries” öndüren gämisiniň 2024-nji ýylda işe goýberiljekdigini mälim etdi. Gämi ýakynda Finlýandiýada synag ýüzüşine goýberililer. Geljekde ýurtda bu tegnologiýany ulanmak arkaly üç sany gämi gurlar.
Gibrid gämileriň aýratynlygy, suwuklandyrylan tebigy gaz hem-de zarýad berilýän batareýalar bilen işleýär.
Amannazar AMANNAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby