Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) bilermenleri ýitirilen zatlary tapmak üçin wizual maglumatlary we radio ýygylyk signallaryny birleşdirýän roboty döretdiler.
Bu enjam islendik zady tapmak üçin ýörite algoritmleri ulanýar we dürli obýektleri görkezýän signallary iberýär.
Bilermenleriň nygtamagyna görä, bu enjam diňe ýitirilen zatlary tapmak üçin däl, eýsem, bazarlaryň we uly dükanlaryň ammarlarynda hem ulanylyp bilner.
“FuseBot”-yň robot goly garyşyk zatlardan belliksiz bir zady almak üçin wideokamerany we RF antennasyny ulanýar. Ulgam daşky gurşawyň 3D modelini döredýär. Bu radiotolkunlar gaty jisimlerden hem geçip bilýär. Şonuň üçin robot garma-garyşyklykda ýa-da ýere galtaşyklykda bolup geçýän zatlary görýär.
Algoritmler 3D gurşaw modelini täzelemek we elementleriň ýerleşýän ýerlerini görkezmek üçin maglumatlary birleşdirýär. Robot tapylan jisimiň, takmynan, ululygyny we görnüşini anyklaýar. Soňra ulgam gözlenýän zadyň birgiden zatlaryň içindäki ýerini kesgitleýär.
Robot 3 ölçegli giňişligi modelleşdirmek üçin obýektiň ululygy, görnüşi we belligiň ýerleşýän ýeri barada maglumatlary ulanyp, bu meseläni ähtimal “pikirlenmek” arkaly çözýär.
Wepageldi MUHOMMETGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby