Angliýanyň “Çelsi” klubunyň belgiýaly hüjümçisi Romelu Lukaku bir ýyldan soň, has takygy, 321 günden soň Italiýa dolandy. 29 ýaşyndaky hüjümçi ozalky kluby “Inter” bilen bir ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. Bu barada Lukaku: “Men öýüme dolandym” diýip, saglyk gözegçiliginden geçensoň, metbugat işgärlerine gürrüň berdi. “Inter” kluby kärende tölegi üçin “Çelsä” 8 million ýewro tölär. Şol bir wagtyň özünde-de oýunçynyň aýlyk hakynyň 30 göterimini berer. Bulam “Interiň” belgiýaly hüjümçä salgytlardan daşary 7-10 million funt tölejekdigini görkezýär. Geçen tomusda “Interden” “Çelsä” 115 million ýewro transfer bolan Lukaku londonlylaryň düzüminde 44 oýunda 15 gol geçirdi. Lukaku 2019-2021-nji ýyllarda “Interde” 2 möwsüm oýnap, 95 oýunda 64 gol geçiripdi. Lukaku “Çelsidekä” ozal hem 2 gezek başga klublara, 2012-nji ýylda “West Bromwiç Albiona”, 2013-nji ýylda-da “Ewertona” kärendesine ugradylypdy. Başgaça aýdylanda, Lukaku 3-nji gezek terk edýär. Lukaku “Interde” 90-njy belgili köýnekçäni geçer.