«Wil­li­am Re­ed» me­di­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Res­tau­rant» žur­na­ly dün­ýä­niň iň go­wy 50 res­to­ra­ny­ny saý­la­dy. Lon­don­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da öň­de­li­gi eýe­län res­to­ran­la­ra baý­rak­lar gow­şu­ryl­dy. Da­ba­ra­ny ame­ri­ka­ly ar­tist Sten­li Tuç­çi alyp bar­dy. Bi­rin­ji or­na Da­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ko­pen­ga­gen­dä­ki «Ge­ra­ni­um» at­ly res­to­ran my­na­syp bol­dy. Bu res­to­ran ýur­duň mil­li fut­bol sta­dio­ny­nyň se­ki­zin­ji ga­tyn­da ýer­leş­ýär. Res­to­ran müş­de­ri­le­ri­ne skan­di­naw aş­ha­na­sy­nyň ta­gam­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Bu res­to­ran ge­çen ýyl­ky sa­naw­da ikin­ji bo­lup­dyr. 2021-nji ýyl­da-da bi­rin­ji or­ny Da­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ýer­leş­ýän «No­ma» at­ly res­to­ran eýe­läp­dir. Şeý­le­lik­de, Da­ni­ýa yz­ly-yzy­na iki ýyl­da bu sa­na­wa ady­ny ýaz­dyr­dy. Öň­ki ýyl­lar­da hem «No­ma» res­to­ra­ny bir­nä­çe ge­zek bu sa­na­wa ady­ny ýaz­dy­ryp­dyr. «Cent­ral» (Pe­ru) ikin­ji, «Disf­ru­tar» (Bar­se­lo­na) üçün­ji ýe­ri eýe­läp­dir. Is­pa­ni­ýa­nyň Mad­rid şä­he­rin­dä­ki «Diverxo» dör­dün­ji bo­lup, Mek­si­ka­nyň paý­tag­tyn­da­ky «Pu­jol» il­kin­ji bäş­li­gi jem­läp­dir. Is­pa­ni­ýa­nyň Bask se­bi­tin­dä­ki Aks­pe şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Asa­dor Etxebar­ri» res­to­ra­ny al­tyn­jy bo­lup­dyr. «A Casa do Porco» (San-Pau­lo, Bra­zi­li­ýa), «Li­do 84» (Gar­do­ne-Riw­ýe­ra, Ita­li­ýa), «Quin­to­nil» (Me­hi­ko, Mek­si­ka) we «Le Caland­re» (Ru­ba­no, Ita­li­ýa) il­kin­ji on­luk­da özü­ne orun ta­pyp­dyr.
Şeý­le­lik­de, il­kin­ji on­lu­ga Is­pa­ni­ýa­dan üç, Ita­li­ýa­dan we Mek­si­ka­dan iki res­to­ran gi­rip­dir.