Hytaýyň gözleg saýtyny ýöredýän “Baidu” kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar. Kompaniýa “Apollo RT6” atly sürüjisiz ulagynyň nusgalyk görnüşini tanyşdyrdy. “Miniwen” görnüşli ýeňil ulag giňligi bilen tapawutlanýar. Ilkibaşdan sürüjisiz ulag hökmünde dizaýn edilen ulag “Apollo Go” taksiçilik ulgamy üçin işlenip taýýarlandy. “Robotaksi” hökmünde ulanyljak ulag E/E atly täze platformanyň bazasynda döredilipdir. Uzynlygy 4760 mm bolan “Apollo RT6”- yň ýokarsynda “X” şekilli gurluş ünsi özüne çekýär. “Baidu”-nyň inženerleri 8 sany LiDAR sensoryny we 12 kamerany bu gurluşa şowly ýagdaýda ýerleşdiripdirler. Şeýle hem ulagda daş-töwerekdäki jisimleri yzygiderli “görüp”, maglumat toplaýan jemi 38 sany sensor bar. Kompaniýa häzire çenli bu ulag bilen jemi 32 million kilometrlik synag sürüşiniň amala aşyrylandygyny mälim etdi. Bu görkezijiniň bir adamyň ortaça 20 ýyl ulag sürmegine deňdigi bellenildi. Rully we rulsuz iki görnüşi bolan “Apollo RT6”-nyň içki dizaýnynda ýolagçylaryň rahatlygy üçin ähli aýratynlyk göz öňünde tutulypdyr. Oturgyçlaryň arasyndaky giň boşluk, ýygnalýan stol we kiçiräk serginlediji ýolagçylaryň rahat syýahat etmeklerine mümkinçilik berer. Kompaniýa sürüjisiz ulagyň bahasynyň 250 müň ýuan, ýagny häzirki kurs bilen 37 müň amerikan dollary boljakdygyny belleýär.