Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýyl-ýyldan ösýär, özgerýär. Bu halkara derejeli döwrebap dynç alyş merkeziniň infrastrukturasyny täze-täze desgalar doldurýar. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, kottej şäherçeleri, sagaldyş we dynç alyş merkezleri myhmanlaryň hyzmatynda. Awazada akwaparklaryň, ýaht we sport klublaryň, restoranlaryň, kempingleriň, dürli görnüşdäki attraksionlaryň we söwda merkezleriniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Syýahatçylyk zolagynyň çägi ýylsaýyn giňelip, ýerli hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Mundan başga-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara forumlaryň we döredijilik festiwallaryň geçirilýän iri işewürlik, medeni we sport merkezidir. Geçirilýän halkara maslahatlar, kongresler, forumlardyr sergiler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýerde 15-16-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler.
Maslahata 30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA ýaly birnäçe bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
29-njy iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bu halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirmek bilen baglanyşykly resminamalary taýýarlamagy we degişli iş toparyny döretmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG derejesinde ulag meseleleri boýunça ählumumy gepleşikleriň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ylalaşyk esasynda durnukly ulag we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky kararnamalaryny kabul etdi.
Geçen ýyl tomus paslynyň soňky aýynda bu kenaryň gözel künjekleri has-da ajaýyp keşbe, toý lybasyna beslenip, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjek taryhy ähmiýetli waka, ýagny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilipdi.
Şeýle hem şol günler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hem üstünlikli geçirildi.
Parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda möhüm çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegi, Watanymyzyň naýbaşy däpleriniň biri bolan myhmansöýerligiň ýene-de bir subutnamasy bolar.
Halkara başlangyçlaryň başynda duran, dünýä ýüzünde Türkmenistanyň at-abraýyny barha belende göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.
Ýazgül Ýazbaýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň hünärmeni.