Greçka pälwanlaryň iýmiti hökmünde gadymy döwürlerden bäri bellidir. Bu ynsan bedeni üçin juda peýdaly önümleriň biridir. Greçkany balykly we etli naharlarda garnir hökmünde ulanyp bolýar. Mesge ýagyny ulanyp, kömelek bilen birlikde bişirip bolýar. Greçka esasan hem, süýjükeselden ejir çekýänlere has-da peýdalydyr. Bu önüm artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär. Eger-de siz günortanlyk naharynda salat bilen greçka iýen bolsaňyz, onda siz uzak wagtlap açlyk duýmarsyňyz. Greçka tiz doýurýar, bedende oňat özleşýär, şeýle hem, iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar.
Greçka düzüminde demir saklaýanlygy üçin aýratyn ähmiýete eýedir, şonuň üçin ony anemiýadan (az ganlylyk) ejir çekýänleriň iýmit sanawyna goşmak maslahat berilýär. Greçkany ertirlik naharynda hem iýip bolar. Mysal üçin 50 gram greçkany gaýnadyp bişirip, oňa mesge ýagyny garsaňyz ertirligiňiz taýýar bolar. Et iýmekden saklanýanlaryň bu önüme aýratyn üns bermekleri gerekdir. Çünki greçkanyň düzüminde gymmatly beloklar saklanýar. Greçkanyň flawonoidlere juda baýdygy sebäpli, onuň düwnük howpunyň öňüni almakda peýdalydygy subut edildi. Eger-de iş güni agyr geçen bolsa, onda agşamlyk naharyny greçkadan taýýarlaň. Çünki bu önüm ýadawlygyňy aýryp, şähdiňi hem açýar.