Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň 3-sine geçen hepde badalga berlipdi. Şu hepdäniň dowamynda düýn Ispaniýanyň “La Liga” çempionatyna badalga berlip, bu gije bolsa Italiýanyň “Serie A” çempionatynyň 91-nji, umumylykda Italiýanyň ýokary ligasynyň 121-nji möwsümi başlanar.
Şu gije çempion “Milan” bilen “Udinezeniň” arasyndaky duşuşyk bilen başlanjak Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da täze möwsümde çempionlyk ugrunda-da 4-5 klub göreş alyp barjaga meňzeýär. 2 ýyldan bäri çempionlygy Milan şäheriniň wekillerine aldyran “Ýuwentus” Allegriniň tälimçiliginde bilini berk guşaýar. Düzümini o diýen güýçlendirmedik “Milan” çempionlygyny goramak üçin elinden geleni gaýgyrmasa gerek. Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden “Inter” transfer möwsümine o diýen işjeň gatnaşmasa-da, Simone Inzaginiň toparyndan tamasy uly. Dibala, Matiç, Weýnaldum ýaly oýunçylary transfer eden Žoze Mourinionyň tälimçiligindäki “Roma” topary täze möwsüme çempionlyk şygary bilen başlar. Paýtagtyň wekilini-de çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden hasaplaýanlaryň sany az däl. “Napoli” bilen “Lasio” hem beýleki dalaşgärler bolup, iki topar hem geçen möwsümdäki tälimçileri bilen ýoluny dowam etdirýär.
“Monza” “Serie A”-nyň 68-nji täze kluby
“Serie A”-nyň täze klublaryndan “Leççe” 2 ýyldan soň ýurtdaky iň ýokary liga dolandy. “Kremoneze” kluby toparyň janköýerleriniň 26 ýyllyk “Serie A”-da çykyş etmek küýsegini ahyry şu möwsümde gidirer. Soňky gezek 1995/96 möwsüminde ýokary ligada gara beren Lombardi welaýatynyň wekili 8-nji gezek “Serie A”-da çykyş eder. Italiýanyň çempionatynda çykyş etjek 3-nji klub “Monza” bolup, Milanyň” ozalky eýesi Silwio Berluskoniniň eýeçiligindäki topar ilkinji sapar “Serie A”-da orun alar. “Monza” topary “Serie A”-da çykyş etjek 68 klub hökmünde hasaba alyndy.
“Serie A”-daky 20 klubuň 17-sine italýan tälimçileri tälim berýär. Göýä gönezlik hökmünde bar bolan daşary ýurtly tälimçileriň 1-i Serbiýadan (Siniža Mihailowiç), ýene biri Horwatiýadan (Iwan Ýuriç), beýlekisi bolsa Portugaliýadan meşhur Žoze Mouriniodyr. 5 klub täze möwsüme täze tälimçi bilen başlaýar.
Edil beýleki çempionatlar ýaly “Serie A”-da hem noýabr-dekabr aýlarynda arakesme bolup, liganyň käbir klublary şol döwürde ABŞ-da ýoldaşlyk duşuşyklaryny, hatda, kiçeňräk bäsleşik hem geçirmegi göz öňünde tutýar. 2023-nji ýylyň 4-nji iýunynda çempionat soňky tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler.
“Serie A”-da 1-nji tapgyryň duşuşyklary:
13-nji awgust: Milan – Udineze (21:30)
13-nji awgust: Sampdoriýa – Atalanta (21:30)
13-nji awgust: Leççe – Inter (23:45)
13-nji awgust: Monza – Torino (23:45)
14-nji awgust: Fiorentina – Kremoneze (19:30)
14-nji awgust: Lasio – Bolonýa (19:30)
14-nji awgust: Salernitana – Roma (23:45)
14-nji awgust: Spesiýa – Empoli (23:45)
15-nji awgust: Werona – Napoli (21:30)
15-nji awgust: Ýuwentus – Sassuolo (23:45)