18-nji awgustda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň Döwlet protokoly we diplomatik çäreler boýunça direktory Filipp Franka öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda Fransiýanyň Döwlet protokolynyň ýolbaşçysy türkmen diplomatyny täze wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlik arzuw etdi. Şunda dostlukly ýurduň Döwlet protokoly gullugynyň Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigi barada aýdyldy. Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda zähmetini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.