Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde täze binalar toplumynyň toý bagyny kesdi hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan binalar toplumyna girdi. Bu ýerde harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy we oňaýly dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ç.Amanow toplumyň çäginde gurlan binalar, olarda döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi hem-de harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana, esgerleriň ýatakhanasy, olardaky şertler we beýleki ugurdaş desgalaryň aýratynlyklary, harby gullukçylaryň ýerine ýetirýän hojalyk işleriniň ugurlary bilen tanyşdyrdy.

150 orunlyk naharhanada ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhananyň we aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de arassaçylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar üçin taýýarlanylýan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi we görnüşleri bilen gyzyklandylar.

Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar hem-de olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde gurnalan häzirki zaman enjamlary hem-de aşpezleriň işlemegi üçin döredilen şertler naharlary taýýarlamak işlerini ýeňilleşdirýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna taýýarlanylan tagamlar görkezildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň gulluk şertleri, isleg-arzuwlary hem-de boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary bilen gyzyklandylar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy toplumyň çäginde Hojalyk müdiriýetiniň harby gullukçylarynyň ösdürip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar.

Bu ýerde harby gullukçylar tarapyndan bölünip berlen ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän gök, bakja ekin we miwe önümleriniň dürli görnüşleri: üzümiň “Alaman doýran”, “Rowaç”, “Sary kişmiş”, “Şa serpaý”, “Taýpy”, “Gyzyl üzüm” görnüşleri goýlupdyr. Şeýle hem almanyň, garalynyň, armydyň dürli görnüşleri, hyýaryň, pomidoryň, kelemiň ýazlyk we güýzlük görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde ekerançylyk ylmynyň gazananlary netijeli ulanylyp, önümleriň täze görnüşleriniň taýýarlanylandygyny görkezýän şekiller bar. Şeýle-de et we et önümlerine, süýt önümlerine möhüm orun berlipdir. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda maldarçylygy, guşçulygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa harby esgerleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly bölüminiň görkezme çykyşlaryny synladylar.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy.