Fransiýanyň çempionatynda PSŽ bassyr 3-nji duşuşygynda-da uly hasaply ýeňiş gazandy. Myhmançylykda 2021-nji ýylyň çempiony “Lill” toparyny 7-1 ýeňen PSŽ bu duşuşykda 2 rekorda şärik boldy. Eýýäm 8-nji sekuntda geçirilen gol Kilian Mbappeni 30 ýyllyk rekorda şärik etdi. Başgaça aýdylanda, Mbappe “Ligue 1”-iň çalt gol geçiren 2 oýunçysynyň biri boldy. Beýlekis “Kan” toparyndan Mişel Rio bolup, ol 1992-nji ýylyň 15-nji fewralynda 8-nji sekuntda tapawutlanyp, rekord goýupdy.
Parižlileriň hökmürowanlygynda geçen oýunda PSŽ-niň gollaryny Mbappe (1, 66, 87), Messi (27), Hakimi (39) hem-de Neýmar (43, 52) geçirdi. “Lill” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa, 54-nji minutda Bamba öz adyna ýazdyrdy.
PSŽ topary çempionatda bassyr 3 duşuşykda 5 gol geçirip, bu ugurda “Reýms” toparynyň 70 ýyl ozalky rekordyny gaýtalady. PSŽ 1-nji tapgyrda “Klermony” 5-0, 2-nji tapgyrda “Monpelieni” 5-2 hasabynda ýeňipdi.