23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýyna, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine, şäheriň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çärelere aýratyn üns berdi.
Hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň binalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, saglygy goraýyş düzüminiň üstüni ýetirjek 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurulmagy teklip edilýän çäkleri, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy, Döwletliler köşgüniň binalar toplumynyň binalarynyň durkuny täzelemek, doly döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň gurluşygynyň barşy, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda dowam edýän işler, doganlyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarjak «Daşkent» dynç alyş seýilgähi, «Garagum» myhmanhanasy we ýakynda gurlan söwda toplumlary, Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň gurluşyk işleri, «Parahat» ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan işler, Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan dürli maksatly binalar, «Gurtly» we «Köşi» ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşyk we abadanlaşdyryş işleriniň gidişi bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi baradaky meseleler hem yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň üstünden uçuşy tamamlap, paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň şu künjeginde ýerleşýän köprini synlap, onuň aýratynlyklaryna, bezelişine hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekdi. Bu ýerde döredilen gök zolaklar we yşyklandyryş ulgamlary ýol-ulag düzümine degişli desganyň özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen sazlaşýar. Okgunly ösýän Aşgabatda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda täzeçil we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar.
Hormatly Prezidentimize paýtagtymyzyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulyp hödürlenen taslamalaryň, desgalaryň aýratynlyklary barada wise-premýer Ç.Purçekow hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alyp, şäherdäki awtomobil köprüleri, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, ýerasty geçelgeleriň bezeg işleriniň görnüşleri, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin hasabat berdi.
Görkezilýän taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek boýunça teklip edilýän meýilnamalar, bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we onuň çägini giňeltmek boýunça birnäçe şekil taslamalarydyr çyzgylar bar.
Şeýle-de, wise-premýer paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki özboluşly belentlikde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde alnyp barylýan işler, bu barada döwlet Baştutanymyzyň beren degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýadygärligiň gurluşygynda we onuň abadanlaşdyryş işlerinde häzirki zaman gurluşyk serişdeleri, ýokary hilli mermer daşlary ulanyldy.
Ekologiýa kadalaryň berk berjaý edilmegi paýtagtymyzdaky gurluşyklara bildirilýän möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyza Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we teklip edilýän desgalar barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, seýilgäh toplumynda uly adamlaryň we çagalaryň wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler dörediler. Onda çagalar we ýetginjekler çeperçilik merkezi, ýapyk görnüşli elektron oýunlar binasy, attraksionlar zolagy, çaýhanalar we restoranlar ýerleşer. Şeýle hem ol ýerde çagalar üçin niýetlenen dürli oýun merkezleri, meýdançalar, welosiped ýodalary bolar. Seýilgähiň suw çüwdürimleri onuň desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer. Şeýlelikde, täze seýilgäh şäher ilatynyň maşgala bolup dynç alýan ýerine öwrüler.
Paýtagtymyzyň Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimize bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bu ýerde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 18-si, 2 gatly söwda merkezleriniň 2-si, 720 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, awtoduralgalar, sport meýdançalary bina ediler. Şeýle hem «Gurtly» ýaşaýyş toplumy Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen günbatarlygyna tarap uzalar.
Şol bir wagtyň özünde agaç gurnawlaryndan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ornunda täze, häzirki zaman ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Mäti Kösäýew köçesiniň ugrunda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň çäginde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş ulgamlarynyň taslamalary barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza degişli desgalaryň taslamalary görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we paýtagtymyzyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda gurulýan dürli maksatly desgalar şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, ähli gurulýan desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli käbir desgalar, hususan-da, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi barada hasabat berdi. Bu desga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girer. Bu ýerde hassa çagalara ýokary hilli we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.
Şeýle-de, «Köşi» ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkezi barada hasabat berildi. Merkezde agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, irki döwürde anyklamak we bejergi işlerini geçirmek hyzmatlary amala aşyrylar. Wise-premýer «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda degişli halkara bäsleşigiň jemleri jemlener we onuň ýeňijisi kesgitlener.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem-de Aşgabatda oňaýly ýaşaýyş gurşawynyň döredilýändigini, bu ugurda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalary gurmak boýunça dürli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli hünär ugurly taslamalar taýýarlanylanda, öňdebaryjy tejribeden ugur alynmalydygyny, bina edilýän saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygynyň ýokary hil derejesi bilen tapawutlanmalydygyny, häzirki zamanyň ähli görkezijilerine kybap gelmelidigini belläp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmaly däldigini nygtady hem-de anyk tabşyryklary berdi.
Arkadagly Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň binalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Olaryň bina edilmegi saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli tabşyryklary berdi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Geljekde bu merkezler Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda bolup, olarda kafedralary ýerleşdirmek, talyplara bilim bermek we lukmanlaryň diplomdan soňky kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, tejribe okuwlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähli tapgyrlary berk gözegçilikde saklanylmalydyr.
Dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan we halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynda möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, işleriň täzeçil tehnologiýalar esasynda ýola goýulmagy möhüm talap bolup durýar.
Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bir hatarda, milli taryhymyzda öçmejek yz goýan şahsyýetleri hatyralamak meselelerine örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.