Şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gü­ni­ni berk ber­jaý et­me­li.
Açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­li.
Pas­la gö­rä ge­ýin­me­li.
Bu­run boş­lu­gy­na ok­so­lin mel­he­mi­ni çal­ma­ly.
Wag­tal-wag­tal öý we iş otag­la­ry­nyň pen­ji­re­le­ri­ni açyp, ho­wa­sy­ny ça­lyş­ma­ly. Üzär­li­gi ula­nyp, ota­gyň ho­wa­sy­ny tä­miz­le­me­li.
Na­har taý­ýar­la­maz­dan, ça­ga­ny iý­mit­len­dir­mez­den, na­har edin­mez­den öň we da­şar­dan gel­nen­den hem-de ha­jat­ha­na­dan soň eli­ňi­zi sa­byn­lap ýuw­ma­ly. Eli­ňi­zi gö­zü­ňi­ze, bur­nu­ňy­za we ag­zy­ňy­za de­gir­me­li däl. Eger-de deg­ren bol­sa­ňyz eli­ňi­zi ýuw­ma­ly.
Di­ňe aras­sa agyz su­wu­ny ýa-da gaý­na­dy­lyp, so­wa­dy­lan su­wy iç­me­li.
Ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän şah­sy we jem­gy­ýet­çi­lik aras­sa­çy­lyk ter­tip-düz­gün­le­ri berk ber­jaý et­me­li. Agyz-bu­run ör­tü­gi­ni dog­ry we do­ly da­kyn­ma­ly. Bir ge­zek­lik agyz-bu­run ör­tü­gi­ni iki sa­gat­dan ça­lyş­ma­ly.
Jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de howp­suz ara­çä­gi sak­la­ma­ly, esa­san hem, ýi­ti res­pi­ra­tor ke­sel­le­ri­niň ala­mat­la­ry bar bo­lan adam­lar bi­len howp­suz ara­çä­gi sak­la­ma­ly.
Üs­gü­re­ni­ňiz­de we as­gy­ra­ny­ňyz­da ag­zy­ňy­zy we bur­nu­ňy­zy el­ýag­lyk bi­len ýap­ma­ly. Ula­ny­lan el­ýag­lyk­la­ry ýö­ri­te ni­ýet­le­nen gu­ty gap­la­ry­na taş­la­ma­ly.
Ka­da­ly iý­mit­len­me­li, wi­ta­min­le­re, fi­ton­sid­le­re baý bo­lan gök we mi­we önüm­le­ri­ni iý­me­li, ýur­du­myz­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­rin­den taý­ýar­la­nan mel­hem çaý­la­ry we gök ça­ýy iç­me­li. Mil­li ta­ga­my­myz bo­lan una­şy köp­räk iý­me­li.
Iş­jeň he­re­ket­de bol­ma­ly, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ly.
Dog­ry gün ter­ti­bi­ne la­ýyk­lyk­da, uky bi­len iş­jeň­li­giň, iý­mit bi­len ge­ze­len­jiň kes­git­li çal­şy­gy bol­ma­ly.
Maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­la­şyp, öz wag­tyn­da öňü­ni alyş san­jym­la­ry­ny al­ma­ly.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi.