Gre­si­ýa sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­mi­niň ba­şyn­dan bä­ri ozal­ky ýyl­lar­da­ky­dan has köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýär. Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Was­si­lis Ki­ki­li­as hep­de­de bir mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly­nyň ýur­da gel­me­gi­ne ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Or­ta­ýer deň­zi­niň iri sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi ha­sap­lan­ýan Gresiýa syýahatçylyk pu­dagyn­dan ýo­ka­ry gir­de­jä ga­raş­ýar. Ýurt­da ýy­lyň ahy­ry­na çen­li pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky dö­wür­dä­ki­den ozup, tak­my­nan 20 mil­liard ýew­ro gir­de­ji ga­za­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Mi­nist­riň söz­le­ri­ne gö­rä, sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny hem 2019-njy ýyl­da­ky­dan köp bo­lar. Bu mag­lu­mat­lar hä­zir­ki wagt­da ýur­da gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­na, öňün­den bel­le­di­len orun­la­ryň we myh­man­ha­na­la­ryň do­lu­ly­gy­na esas­la­nyp aý­dyl­ýar. Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry 2022-nji ýyl­da­ky sy­ýa­hat­çy­lyk gir­de­ji­si­niň 2019-njy ýyl­da­ky­dan 10 gö­te­rim ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­da ge­len­le­riň sa­ny ge­çen ýyl­da­ky­dan 295 gö­te­rim köp bo­lup­dyr. Ýur­duň Egeý we Or­ta­ýer de­ňiz­le­rin­dä­ki ada­lary sy­ýa­hat­çy­la­ryň has köp bar­ýan ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. Ýur­da iň köp Ang­li­ýa, ABŞ, Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ni­der­land­lar, Bel­gi­ýa we beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan myh­man­lar ge­lip­dir. Sent­ýabr-okt­ýabr aý­la­ryn­da hem sy­ýa­hat­çy­la­ryň gel­me­gi­niň do­wam et­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len bir ha­tar­da gö­zel te­bi­ga­ty bi­len hem köp san­ly myh­ma­ny özü­ne çek­ýän Gresiýa gyş pas­lyn­da de­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ra­ýat­la­ry­nyň has köp gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Hy­dyr NU­RY­ÝEW,
Bä­her­den se­ment za­wo­dy­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gur­ama­sy­nyň baş­ly­gy.