Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Dynç alyş möwsümi gyzykly geçen bolsa gerek. Täze dostlar tutunansyňyz, oba gezelenje gidensiňiz, öý işlerine kömekleşensiňiz, sport bilen meşgullanansyňyz, gyzykly kitaplary okansyňyz, goşgulary hem ýat tutansyňyz. Surat çekenler, küştdür şaşka oýnanlar, muzeýlere, şäheriň owadan künjeklerine syýahat edenler hem bardyr. Indi bolsa mekdebe taýýarlyk görmegiň wagty gelip ýetdi. Ýene-de sanlyja günden täze okuw möwsümi başlaýar. Eýsem, täze okuw ýylyna girişmek, sapaklardan gowy bahalar almak üçin nähili taýýarlyk görmeli?!
Ilki bilen gün tertibiniň sanawyny düzmeli. Okuw başlamazdan birnäçe gün öň ir turmagy endik edinmeli. Wagtly-wagtynda iýip-içmeli hem-de rahat dynç almaly. Bu siziň sapaklary çalt hem-de höwesli özleşdirmegiňize ýardam eder.
Mekdebe gitmezden öň, okuw esbaplaryňyzyň ýerbe-ýerdigine göz gezdirmeli. Iş depderlerini okuw kitaplary bilen ugurdaş ýerleşdirmeli. Ruçka,
galam ýaly ýazuw esbaplaryny aýratynlykda goýmaly.
Mekdebe baranyňyzda oturýan ýeriňizi gündelik arassalamaly. Mekdep partasynda dogry oturmak sagdyn ösmegiňiz üçin esasy zatdyr. Şeýle hem arakesmelerde arassa howa çykyp, dynç almagy ýatdan çykarmaly däl.
Oýna güýmenip ýa-da öý işleri bilen bolup, mekdepde berilýän ýumuşlary ýerine ýetirmegi hem ýatdan çykarmaly däl. «Men hökman öwrenerin!», «Men hökman bäşlik alaryn!» diýip, öz öňüňizde maksat goýup, gündelik sapaklara taýýarlyk görmeli. Öýe berlen ýumuşlardan ilki ýazmaly gönükmeleri işläp, soňra okamaly ýa-da ýat tutmaly ýumuşlary ýerine ýetirseňiz ýadamarsyňyz.