Angliýanyň «Premier Ligasynda» möwsümiň wezipesinden boşadylan ilkinji tälimçisi Skott Parker boldy. «Liwerpuldan» 9-0 utulan «Bornmut» toparynyň tälimçisi 41 ýaşyndaky Parker wezipesinden boşadyldy. Ol 2021-nji ýylyň tomsunda «Bornmut» bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşypdy. «Bornmuty» «Premier Liga» çykaran Parker möwsümiň ilkinji duşuşygynda «Aston Willany» 2-0 ýeňipdi. Topar şondan soňky 3 duşuşygynda-da ýeňlişe sezewar boldy.
Şeýlelikde, Parker «Premier Ligada» 18 ýyldan soň awgust aýynda wezipesinden boşadylan ilkinji tälim hökmünde hasaba alyndy. Soňky gezek awgust aýynda 2004/05 möwsüminde Bobbi Robson «Nýukasldaky», Pol Starrok bolsa «Southemptondaky» wezipesinden boşadylypdy. Robson we Starrokdan öňem «Premier Ligada» Rudi Gullit, Kenni Dalgliş (ikisem «Nýukasl») hem-de Piter Rid («Mançester Siti») dagy hem awgust aýynda tälimçilik wezipelerinden ugradylypdy.