29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler, hususan-da, ýakyn günlerde badalga beriljek bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek we ýerleri ekişe taýýarlamak, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek, kärendeçi gallaçylary zerur bolan möçberdäki tohumlar we gurallar, mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdiler. Şu işler bilen bir hatarda, pagta ýygymyna degişli derejede taýýarlyk görülýär, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Güýzlük ýeralma, gant şugundyry, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy belleniljek sentýabr aýynda ähmiýetli işlere garaşylýandygy barada aýdylyp, munuň, esasan, welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen baglanyşyklydygyna üns çekildi. Şol desgalarda işleriň häzirki ýagdaýynyň barşy barada giňişleýin hasabatlar berildi.
Häkimler 1-nji sentýabrda täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada habar berip, bu ugurda bellenen çäreleriň guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, şu ýylyň 2-nji sentýabrynda badalga beriljek, geljekki hasylyň düýbüni tutjak bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümiň degişli derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ýerleriň ekişe taýýarlanylmagyna, bugdaý öndürijileriň zerur bolan ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilmegine, ähli ekiji gurallaryň, oba hojalyk tehnikalarynyň bugdaý ekişine doly taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, bu işleri gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işlerine hem möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlygyny üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Oba hojalyk önümçiliginiň esasy ugurlarynyň biriniň güýzlük ýeralma, gant şugundyry, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ekinlere idegiň talabalaýyk geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk senesi belleniljek sentýabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda işleriň alnyp barlyşyna gözegçiligiň gowşadylmaly däldigi barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýyly, täze bilim edaralarynyň açylmagy mynasybetli çäreleriň dabaraly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän oba hojalyk ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 2-nji sentýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine başlamak boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Wise-premýer şu günler pagtaçy daýhanlaryň «ak altynyň» ýygym möwsümine taýýarlyk işlerini alyp barýandygyny habar berdi.
Hasabatyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreleriň geçirilýändigi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymy möwsümini zerur tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, giçki ýeralmanyň, beýleki gök we miwe önümleriniň ýokary hasylyny almak üçin olara ideg edilişiniň hilini ýokarlandyrmak zerurdyr. Bu meseleleriň ählisi hemişe üns merkezinde bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, wise-premýeriň ünsüni Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna çekdi. Şanly senä zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir. Şu maksat bilen, edermen gallaçylarymyz we pagtaçylarymyz şu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Şoňa görä-de, bugdaý ekişine girişmek we gowaça ideg etmek hem-de bereketli hasyl almak möhüm talap bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi wajypdyr diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň mynasyp garşylanmagynda aýratyn zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmekleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi we bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi.