Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň abadan hem parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Her ýy­lyň sent­ýabr aýy­nyň 1–30-y ara­ly­gyn­da ýur­du­myz­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk ge­çi­ril­ýär.
Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň yg­lan eden «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça 10 ýyl­lyk Mak­sat­na­ma­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 2012-nji ýy­lyň 31-nji mar­tyn­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­myz­da ýaş nes­liň sag­dyn ös­me­gi, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ba­bat­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şol der­wa­ýys iş­le­riň mö­hüm bö­le­gi hem ola­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, kö­çe­ler­de howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­niň do­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­mak­dyr.
Ýur­du­my­zyň ýol-ulag dü­zü­mi yşyk­lar bi­len ka­da­laş­dy­ryl­ýan çat­ryk­la­ry, köp­rü­le­ri, ýerüsti hem ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­ri, aw­to­du­ral­ga­la­ry we beý­le­ki­le­ri öz içi­ne al­mak bi­len, py­ýa­da­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da gi­ňeld­ýär. Hä­zir­ki wagt­da paý­tag­ty­my­zyň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de döw­re­bap köp­rü­le­riň, hal­ka­la­ýyn aý­law ýo­lu­nyň we goş­ma­ça ýol şa­ha­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Bu bol­sa kö­çe­ler­de ugur­la­ryň he­re­ke­ti­ni saz­laş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hor­mat­ly Prezidentimiz ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak, sü­rü­ji­le­riň hem-de py­ýa­da­la­ryň ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak, ula­gy do­lan­dyr­ma­gyň, ýol­lar­da özü­ňi alyp bar­ma­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýol he­re­ke­ti­ni ka­da­laş­dyr­ýan ul­ga­my has-da kä­mil­leş­dir­mek, ýo­luň ýag­da­ýy­ny de­giş­li de­re­je­de sak­la­mak ýa­ly ugur­la­ra yzy­gi­der­li üns ber­ýär. Paý­tag­ty­myz­da ulag he­re­ke­ti­niň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, de­giş­li iş­le­ri gu­ra­mak me­se­le­le­ri­ne döw­re­bap se­riş­de­le­riň we usul­la­ryň esa­syn­da çe­me­le­şil­ýär. Mu­nuň özi ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýol­lar­da howp­suz şert­le­ri dö­ret­me­gi hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak bo­ýun­ça hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­sy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.
Öz sag­ly­gy­my­za, dur­mu­şy­my­za howp sal­ýan ha­dy­sa­lar­dan ägä bo­la­lyň, se­re­sap­ly­gy el­den ber­mä­liň!
Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy, aba­dan dur­mu­şy we ýol­la­ry­my­zyň howp­suz­ly­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun.

Ogul­ge­rek Ça­ry­gu­ly­ýe­wa,
Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­ke­zi­niň fi­zio­te­ra­pi­ýa we be­je­riş be­den­ter­bi­ýe bö­lü­mi­niň mü­di­ri.