“SpaceX” kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri Ýer ýüzüniň medeni zolakdan uzak ýerlerini internet bilen üpjün etmek üçin maksatnamany durmuşa geçirýär. “Starlink” atly maksatnamanyň çäklerinde häzire çenli Ýeriň aşaky orbitasyna ýüzlerçe emeli hemra uçuryldy. Eýýäm köp ýerde bu hyzmat müşderilere hödürlenýär. Indi bolsa, kosmos giňişliginden hödürlenjek internetiň 5G ulgamynda bolmagy üçin tagalla edilýär. “SpaceX” kompaniýasy “T-Mobile” atly aragatnaşyk operatory bilen şertnama baglaşdy. Ylalaşyga görä, emeli hemralar arkaly smartfonlara 5G hyzmaty birikdiriler. Şeýlelikde, aragatnaşyk operatorlary müşderilerine ýokary hilli internet hyzmatyny hödürlemek üçin täze beketleri gurmaga zerurlyk duýmazlar. “Akylly” telefonlar gönüden-göni emeli hemralar arkaly internete biriger.
“SpaceX”-iň häzirki wagtda iki müňden gowrak kiçi göwrümli emeli hemrasy bar. Bu sanyň 2027-nji ýyla çenli 40 müňe ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.
Baýrammämmet Döwletmämmedow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby