13-nji sentýabrda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy Nýu-Ýorkda açyldy. Bir ýyl dowam etjek täze sessiýanyň gün tertibini howanyň üýtgemegi, koronawirusa we beýleki ýokançlyklara garşy göreş, durnukly ösüş meseleleri, ösýän ýurtlaryň bergisi, häzirki zaman çökgünliklerini öz içine alýan ähli halkara temalaryny öz içine alýar. Esasy çäre ýokary derejeli hepde bolup, oňa dürli ýurtlardan döwlet baştutanlary, hökümet we daşary işler ministrleri gatnaşar. Şeýle-de onlarça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ýygnaklar geçirilip, şol döwürde delegatlar ähli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp bilerler.
Sessiýa BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň çykyşy bilen açyldy. Guterreşiň aýdyşy ýaly howanyň üýtgemegine garşy göreş, pandemiýa ýaly meseleler ýakyn aýlarda halkara ulgamy üçin aýratyn synag bolar. Onuň sözlerine görä, BMG-niň Baş Assambleýasy dünýä jemgyýetçiliginiň hereketlerinde esasy orny eýeleýär. Sessiýa wengriýaly diplomat Çaba Köröşi ýolbaşçylyk edýär.
Antonio Guterreşiň Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň ýapylyşynda belelýşi ýaly täze sessiýa halkara ulgamyny synagdan geçirmäge mümkinçilik döreder. Ýokary derejeli hepdeden soň komitetiň işi başlar. Diplomatlar ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, ýaragsyzlanmak, täze wehimler we howplar, kiberhowpsuzlyk, adam hukuklary, klimat we dünýä guramasyny maliýeleşdirmek meselelerine serederler. Häzirki wagtda diplomatlar gün tertibini tassyklamaly, ýygnaklaryň tertibini düzmeli, wekiliýetleriň ygtyýarlyklaryny paýlamaly we iş komitetlerini döretmeli. Dürli ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, hökümetleriniň we daşary işler ministrleriniň gatnaşýan ýokary derejeli hepdesi 20-26-njy sentýabr aralygynda geçiriler.