Türkmenistanyň daşary işler ministri Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Abu-Dabide birnäçe gepleşikleri geçirdi. BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmek we täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň (TULM) we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de ýolbaşçylary türkmen wekiliýetiniň düzüminde boldular.
Saparyň ilkinji gününde BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui we “Adu Dhabi Ports” toparynyň baş direktory Mohammed Juma Al Şamisi bilen geçirilen duşuşyklarda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Portlary dolandyrmakda we olary sanlylaşdyrmakda BAE-niň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak mundan beýläk özara gatnaşyk etmegiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy. “Abu Dhabi Ports” toparynyň we Türkmenistanyň hususy ulgamynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanany döretmek barada teklip beýan edildi.
Şeýle hem taraplar azyk howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. BAE-ne türkmen önümleriniň eksportyny artdyrmak, strategik maýa goýumlar baradaky, şeýle hem deňiz suwlaryny süýjetmek ulgamynda bilelikdäki taslama degişli meselelere garaldy.
Saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Abu Dabiniň “Abu Dhabi Ports” toparyna girýän portlarynyň biriniň işi bilen hem tanyşdy. Bu deňiz porty erkin ykdysady zolakdyr. Onda ähli işler adamlaryň örän az möçberiniň gatnaşmagynda awtomatlaşdyrylan ýagdaýda ýerine ýetirilýär.
Emma “Abu Dhabi Ports” toparynyň paýnamalarynyň 75% BAE-niň hökümetine, galan bölegi bolsa hususy kompaniýalara, şol sanda daşary ýurt kompaniýalaryna degişlidir. Maýa goýumlaryň köp bölegi toparyň portlaryny sanlylaşdyrmaga gönükdirildi.
Häzir Abu Dhabi Ports topary Iordaniýada we Yrakda portlary döwrebaplaşdyrmak bilen işjeň meşgullanýar. Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Eýran bilen dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda Türkmenistan portlar toparynyň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň üstünden geçýän logistika ulgamynyň esasy halkasy bolmagynda galýar. Şu sebäpli toparyň ýolbaşçylary türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär.