16-njy sentýabrda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan «Güneşli» söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Söwda merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň tomsunda badalga berildi. Onuň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň Abatlaýyş-gurluşyk bölümi tarapyndan alnyp baryldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze söwda merkeziniň gurluşygynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, onuň «Güneşli» diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Söwda merkeziniň umumy meýdany 5 160 inedördül metre barabar bolup, ol merkezi binada ýerleşýän uly supermarketi, azyk we senagat harytlary dükanlarynyň ikisini, şeýle-de gurluşyk harytlary dükanyny öz içine alýar. Söwda merkeziniň çäginde ýerli ilaty täze çörek önümleri bilen üpjün etmek üçin niýetlenen çörek bişirilýän kärhana hem bar.
Bu ýerde alyjylar we işgärler üçin ähli şertler döredildi. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar. Dükanlarda harytlaryň, şol sanda gündelik isleg bildirilýän harytlaryň, azyk önümleriniň, dünýä belli önüm öndürijileriň harytlarynyň giň görnüşi hödürlenilýär. Bu alyjylaryň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhümdir. Dükanlaryň bezeginde millilige aýratyn orun berlipdir. «Güneşli» söwda merkezi her gün sagat 8:00-dan 22:00-a çenli müşderilere hyzmat edýär.