Dün­ýä­niň iň köp ýa­şa­ýan mil­let­le­ri hök­mün­de bel­li bo­lan Ýa­po­ni­ýa­da 100 ýa­şyn­dan ge­çen­le­riň sa­ny­nyň art­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Soň­ky 52 ýy­lyň do­wa­myn­da bir asyr­dan köp ýa­şan adam­la­ryň sa­ny­nyň yzy­gi­der­li ar­typ, 90 müň 526-a ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Ýurt­da bel­le­nil­ýän Ýa­şu­lu­la­ra hor­mat gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da bu ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş, iş we asu­da­lyk mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 100 we on­dan köp ýa­şan ila­tyň sa­ny ge­çen ýyl­da­ky­dan 4 müň 16 ar­typ, il­kin­ji ge­zek 90 müň­den ge­çip­dir. Bu ila­tyň 88,6 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýän 80 müň 161 ada­myň aýal­lar­dy­gy mä­lim edil­di. Ýa­po­ni­ýa­da ýa­şa­ýan iň gar­ry aýa­lyň Osa­ka we­la­ýa­tyn­da ýa­şa­ýan 115 ýaş­ly Fu­sa Tat­su­mi­di­gi aý­dyl­dy. Iň gar­ry er­kek bol­sa, hi­ro­si­ma­ly 111 ýaş­ly Şi­ge­ru Na­ka­mu­ra.
Ýurt­da 100 ýa­şa ýe­ten­le­riň ha­sa­by 1963-nji ýyl­da ýö­re­di­lip baş­la­nyp­dyr. Şol ýyl­da ýurt­da 153 adam bir asy­ry gö­ren eken. 1981-nji ýyl­da 100 ýa­şan­la­ryň sa­ny müň­den, 1998-nji ýyl­da 10 müň­den we 2012-nji ýyl­da 50 müň­den ge­çip­dir. Ýurt­da or­ta­ça ýa­şyň ýo­kar­lan­ma­gyn­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ös­me­gi­niň tä­si­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­di.


Dil­fu­za Ser­da­ro­wa, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by