“Airbus A380” dünýädäki iň uly iki gatly ýolagçy uçarydyr. 853 orunlyk uçaryň uzynlygy 73 metr, ganatlarynyň gerimi 79 metr, beýikligi 24 metr bolup, boýy 9 gatly jaý bilen deňdir. Uçaryň agramy 276 tonna barabar bolup, meýdany 550 inedördül metre barabar. Her bir “Airbus A380” uçary 6,5 million bölekden durýar. Howa gämisiniň şaýlary dünýäniň 30 döwletinde 1,5 müň kompaniýanyň hyzmatdaşlyk etmegine öndürilýär. Uçarda 4 sany hereketlendiriji bolup, onuň tizligi sagatda 900 kilometre ýetýär.

Kompaniýa bu uçary döretmek isleýändigini 1988-nji ýylda mälim edýär. Uçar ABŞ-nyň “Boeing 747” uçary bilen bäsdeşlik etmek maksady bilen öndürildi. Uçaryň önümçiligine 2000-nji ýylda başlanýar. Ilkinji “Airbus A380” uçary 2005-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda tanyşdyryldy, ýöne ilkinji uçuş  şol ýylyň aprel aýynyň 27-sine amala aşyryldy.  “Airbus A380” uçary 2006-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň degişli edaralary tarapyndan sertifikatlaşdyrylýar.

Röwşen Akmuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy