Derýalar dünýäniň gymmatly suw ýollary bolup, dürli sebäplere görä bu akabalaryň suwy azalýar ýa-da mahal-mahal guraýar. Her ýyl sentýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Bütindünýä derýalar güni, derýalary gowulandyrmak we goramak üçin döredildi. Bütindünýä derýalar gününi bellemek baradaky ilkinji başlangyç 2005-nji ýylda, Birleşen Milletler Guramasynyň “Ýaşaýyş üçin suw” on ýyllygyny yglan etmegi bilen başlanýar. Bu sene dünýädäki ähli suw baýlyklaryna has gowy ideg etmegiň zerurdygy barada köpçülige habar bermek maksady bilen döredildi. Dünýä belli ekolog Mark Anjelo Bütindünýä derýalar gününi döretmegi teklip edýär. Anjelo 1980-nji ýylda Kanadanyň Britaniýa Kolumbiýasynda bellenilýän Derýalar gününi hem döreden adamdyr. Ilkinji Bütindünýä derýalar gününe bagyşlanan çäre 2005-nji ýylda dünýäniň dürli künjeginden gelen bilermenler tarapyndan guralýar. Ilkinji çäre 12 ýurtda geçirilen bolsa, 2012-nji ýylda bu baýramçylyk dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunda bellenildi. Bu baýramçylykda derýalary aýawly saklamak barada maslahatlar we derýalary arassalamak işleri geçirilýär.

Ruslan LATYPOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby