Adam saglygy barada golaýda geçirilen barlaglaryň birinde az mukdar hem bolsa, yzygiderli maşk etmegiň örän peýdalydygy anyklandy. Hepdede diňe 75 minut sport bilen meşgullanýan uly ýaşly adamlaryň depressiýa howpunyň 5 esse azalýandygy anyklandy. Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hepdede bir gezek azyndan 2,5 sagat fiziki hereket bilen meşgullanmagy maslahat berýär. Täze barlagy Kembrij uniwersitetiniň bilermenleri geçiripdirler. Alymlar az mukdardaky maşkyň hem adamyň ruhy saglygy üçin uly täsiriniň bardygyny belleýärler.

Güljemal Kakaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby