Dünýäniň dürli ýurtlarynda elektrik energiýasy we wodorod ýaly arassa energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglara dürli ýeňillikler döredilýär. Hytaýda 2014-nji ýyldan bäri şeýle ulaglary satyn alanlar käbir salgytdan boşadylýar. Mundan ozal bu ýeňilligiň 2022-nji ýylyň ahyrynda tamamlanjakdygy mälim edilipdi. Ilkinji gezek 2014-nji ýylda üç ýyl möhlet bilen şeýle ýeňilligiň döredilendigi mälim edilipdi. Soňra bolsa 2017-nji ýylda üç ýyl, 2020-2021-nji ýyllarda bir ýyl uzaldylypdy. Indi bolsa, bu ýeňillik indiki ýylyň ahyryna çenli süýşürildi.
Ýurtda önüm öndürijilere we müşderilere berilýän goldaw elektroulag senagatynyň ösmegine görnetin ýardam etdi. Maglumatlara görä, şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda ýurtda jemi hödürlenen salgyt ýeňilligi 40,7 milliard ýuan (5,7 milliard dollar töweregi) bolupdyr.
Tumar IŞANGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.