Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy, asuda, abadan durmuşy üpjün edilýär. Şoňa laýyklykda, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Döwlet derejesindäki bu çäräniň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça terbiýeçilik maksatly giň gerimli işler alnyp baryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen ählihalk çäresine öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyga beslenip geçirildi. Bu biraýlygyň dowamyndaky wagyz-nesihat hem-de düşündiriş çäreleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň ählisiniň hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Bilim edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly hem dogry berjaý edilmegine bagyşlanylan çäreleriň terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup, olar ýaş nesliň saglygyny goramaga we köçe-ýol hereketleri arkaly ýüze çykýan hadysalaryň öňüni almaga, her bir maşgalanyň guwanjy bolan ýaş nesliň ömrüniň rahatlygyny goramaga gönükdirilendir. Biraýlygyň dowamynda umumy bilim edaralarynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça ýörite işler geçirildi.
Ata Watanymyzyň asuda, parahat, bagtyýar durmuşy ugrunda geçirilen biraýlyk jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygy we onuň howpsuzlygy hakynda döwlet derejesindäki aladanyň aýdyň beýanydyr. Giň ýollarda sazlaşykly hereketleriň üpjün edilmegi, olaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem ýurdumyzyň ösüşiniň kepilidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan ählihalk durmuş ugurly maksatlarynyň ösüşini, özgerişini döwrebap ýollaryň dünýä ülňülerine hem-de milli ýörelgelerimize laýyk getirilmeginden görmek bolýar.
Ýol hereketine gatnaşyjy her bir raýatyň şahsy ýolagçy ýa-da sürüji hökmünde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bilmegi, doly we dogry berjaý etmegi hökmanydyr. Şoňa görä-de, ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri baradaky maglumatlar bilen ýakyndan tanşylyp, bu biraýlyga bagyşlanyp geçirilen çärelere agzybirlik bilen işjeň gatnaşyldy. Çünki howpsuz ýollar biziň her birimizi ak bagta atarýar.
Hormatly Prezidentimiziň hukuk goraýjy edaralarynyň işine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin sagbolsun aýdyp, mundan beýläk hem ýurdumyzda jemgyýetçilik asudalygyny we hukugyny goramakda, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda, ýangyn we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde gullugymyzy gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigimize ynandyrýarys. Halkymyzyň we ýaş nesliň saglygy hakynda alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň leýtenanty.