Formula 1 boýunça möwsümiň 18-nji ýaryşy Ýaponiýada geçirildi. Howanyň ýagyşly bolmagy sebäpli wakalara baý bolan ýaryşda sanawyň lideri, “Red Bulluň” niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Bu ýeňişden soň ol 2-nji gezek çempion bolmagy başardy.
Maks Werstappeniň ilkinji hatardan başlan ýaryşy eýýäm awariýa bolan Karlos Saýnsyň ulagyny aýyrmak hem-de şol sanda ýagan güýçli ýagşyň oňaýsyz täsiri sebäpli 3-nji aýlawda togtadyldy. F1-iň düzgünine görä, ýaryş başlanandan soň 3 sagadyň içinde tamamlanmaly bolup, şol 3 sagadyň dolmagyna 45 minut galanda, ýaryş täzeden bat aldy. 28 aýlaw (aslynda 53 aýlaw bolmalydy) dowam eden ýaryşy Werstappen 1-nji orunda tamamlap, 25 utugy gazanmagy başardy. Werstappeniň görkezen netijesi 3 sagat 01 minut 44,004 sekunda deň boldy. Ýaryşy “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler 2-nji bolup tamamlady. Ýöne soňky aýlawda goýberen ýalňyşlygy üçin Leklere 5 sekuntlyk jerime berildi. Bu bolsa ony 3-nji orna düşürdi. Netijede, ýaryşy “Red Bulluň” meksikaly sürüjisi Serhio Peres 2-nji, Şarl Lekler 3-nji orunda tamamlady. Bu netijelerden soň utugyny 366-a ýetirip, Ýaponiýa “Gran Prisinden” soň 2-nji orna geçen Serhio Peresden 113 utuk öňe saýlanan Maks Werstappen möwsümiň tamamlanmagyna 4 ýaryş galanda, bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy. 25 ýaşyndaky Werstappen britaniýaly Lýuwis Hamilton, germaniýaly Sebastian Wettel, ispaniýaly Fernando Alonso, germaniýaly Mihael Şumaher, finlýandiýaly Mika Hakkinen, braziliýaly Aýrton Senna, fransiýaly Alan Prost, britaniýaly Jek Brabham, argentinaly Huan Manuel Fanjio hem-de italiýaly Alberto Asari dagydan soň yzly-yzyna çempionlyk gazanan 11-nji sürüji hökmünde hasaba alyndy.
Möwsümiň 19-njy ýaryşy 23-nji oktýabrda ABŞ-da geçiriler.