Braziliýanyň döwlet oba hojalygyny öwreniş korporasiýasy (Embrapa) tarapyndan döredilen bugdaýyň täze görnüşi Serrado sebitinde ekin meýdanynyň 70 göterimini tutýar. Täze görnüş geçen ýyl ýokary derejede hasyl beripdir. Goýas ştatyndaky bir fermasynyň eýesi Paulo Bonato her gektardan 9,63 tonna hasyl alypdyr. 4 aýda ýetişýän bugdaý suwarylýan ýere ekilýär. Käbir ýerde her gektardan 80,9 sentner hasyl alnypdyr. Bu görkeziji ýokary hasylly bugdaýlaryň ekilýän ýurdy Täze Zelandiýadakydan hem köpdür. Bu ýurtda her gektardan 54,8 sentner hasyl alynýar.
Dünýä bazarlarynda bugdaýa bolan islegi göz öňünde tutup, braziliýaly öndürijiler önümçiligiň ýokarlanmagynyň hasabyna has ýokary girdejä garaşýarlar. Braziliýada oba hojalyk ekinler üçin zerur bolan döküniň 15 göterimi öndürilýär. Galan bölegi daşary ýurtlardan import edilýär. Şol sebäpli dökün bu ýurtda iň uly oba hojalyk çykdajysy hasaplanýar.
Pyýada ýöremegiň fiziki we psihologik peýdasy örän uludyr. Ýöremek iň esasy bedenterbiýe maşklarynyň biri bolup, ony islendik ýaşdaky adam ýerine ýetirip bilýär. Ýörelen wagtynda adamyň çydamlylygy we myşsalarynyň ösüşi ýokarlanýar. Bilermenleriň bellemegine görä, oturylyp işlenýän gündelik durmuş ýörelgesine uýgunlaşan adamlarda myşsalaryň gowşaklygy, sussupeslik hem-de aşa semremeklik ýüze çykýar. Şol sebäpli her gün agşamyna azyndan 30 minut ýöremek maslahat berilýär.
Yzygiderli ýörelende gan aýlanyşy kadalaşýar, bedeniň deňagramlylygy sazlanýar hem-de kadaly agram derejesine gelinýär. Mundan başga-da, ýöremegiň çalt pikirlenip bir netijä gelmäge, sussupesligi azaltmaga uly ähmiýeti bardyr. Şeýle hem ýöremegiň iýmiti siňdirmäge kömegi degýär. Sport meýdançalary bilen bir hatarda, howa şertlerine laýyklykda gezelenç maksatly seýilgählerde, tokaýlarda we şäheriň owadan künjeklerinde pyýada ýöremek örän peýdalydyr.