Bahreýn döwletinde dowam edýän agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda ildeşimiz Gülnabat Kadyrowa kümüş medala mynasyp boldy. Ol 71 kg agram derejesinde çykyş edip, birbada götermekde 102 kg, itekläp götermekde-de 117 kg agramy galdyrdy. Ildeşimiziň birbada götermekde görkezen netijesi hem-de umumylykda galdyran 219 kg agramy oňa kümüş medal gazandyrdy. Bu ugurda altyn medala hytaýly Ýan Sýusýa mynasyp bolup, ol umumylykda 228 kg agramy (106+122) götermegi başardy. Ildeşimiz Gülnabat Kadyrowadan 9 kg pes netije görkezen mongoliýaly Anuujin Ganzorigin münberiň 3-nji basgançagyna çykdy. Şeýle-de, 49 kg agramda çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa umumylykda 172 kg (75+97) agram bilen bürünç medal gazanypdy. Onuň itekläp götermekde görkezen netijesi hem kiçi bürünç medala mynasyp bolupdy.