Ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­den öt­ri ma­li­ýe usul­la­ry­nyň gör­nü­şi­ni gi­ňelt­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy­ýet­de se­riş­de­le­ri amat­ly paý­la­mak, şeý­le hem dur­nuk­ly esas­da uzak möh­let­li ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek mak­sa­dy bi­len, mil­li gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­bat­da ge­le­şik­le­riň ama­la aşy­ry­ly­şy bo­ýun­ça de­ger­li mas­la­hat­lar be­ril­ýär. Mu­nuň özi gaz­na bir­ža­sy­nyň işi­niň hal­ka­ra tej­ri­bä­niň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­ma­gy­ny üp­jün edip, di­ňe döw­le­te da­hyl­ly gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ýer­len­me­gi bi­len çäk­len­män, eý­sem, hu­su­sy ta­rap­la­ryň hem paý­na­ma­la­ry­ny do­la­ny­şy­ga çek­me­giň ýo­la go­ýul­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýurt­la­ryň bir­nä­çe­sin­de top­la­nan tej­ri­be san­ly gur­şa­wyň dö­re­dil­me­gi bi­len, mil­li ösüş­de bir­nä­çe ar­tyk­maç­lyk­la­ryň ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. As­lyn­da, gaz­na ba­za­ry ma­li­ýe ba­za­ry­nyň esa­sy dü­züm bö­le­gi bo­lup, döw­le­tiň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne geç­ýän döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy ösü­şi we bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň ösüş de­re­je­si­ne bag­ly bo­lup dur­ýar, ýö­ne ola­ryň gaz­na ba­za­ry en­tek eme­le gel­mek ýa-da baş­lan­gyç de­re­je­sin­de he­re­ket ed­ýär.
Gaz­na ba­za­ry­nyň ösüş de­re­je­si bi­len yk­dy­sa­dy ösü­şiň ara­syn­da­ky öza­ra bag­la­ny­şyk hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­di. Şun­da ma­li­ýe ara­çyl­la­ryň (bank­lar) ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge se­riş­de­le­ri çek­mek we öz­le­ri­niň iş ukyp­la­ry­ny tö­wek­gel­çi­li­gi do­lan­dyr­ma­ga gö­nük­dir­mek bi­len, kär­ha­na­la­ryň me­ne­jer­le­ri­niň he­re­ke­ti­ne go­wy gö­zeg­çi­lik edip bil­ýän­dik­le­ri anyk­la­nyl­dy.
Türk­me­nis­tan­da hem gaz­na ba­za­ry­nyň he­re­ke­te ge­ti­ril­me­gi hä­zir­ki dö­wür­de, ýag­ny eýe­çi­li­giň dür­li gör­nü­şi­niň we te­le­ke­çi­lik işi­niň kä­mil­leş­ýän döw­rün­de örän wa­jyp gu­ral­la­ryň bi­ri hök­mün­de öňe çyk­dy. Çün­ki gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň kö­me­gi ar­ka­ly şah­sy we eda­ra gör­nüş­li ta­rap­la­ryň pul süý­şü­rint­gi­le­ri ha­ky­ky mad­dy ob­ýekt­le­re, en­jam­la­ra we teh­no­lo­gi­ýa­la­ra öw­rül­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ber­kit­me­giň hä­zir­ki za­man tap­gy­ryn­da esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri ma­li­ýe gu­ral­la­ry ar­ka­ly art­ýan pul se­riş­de­le­ri­niň paý­la­nyl­ma­gy­ny ama­la aşyr­ýan gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­ny eme­le ge­tir­mek we kä­mil­leş­dir­mek­dir.
«Gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry fi­zi­ki we ýu­ri­dik şahs­la­ryň gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň emis­si­ýa­sy we do­la­ny­şy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry­nyň je­mi hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň eme­le gel­me­gi ha­ryt önüm­çi­li­gi­ni gi­ňelt­mek ze­rur­ly­gy bi­len bag­ly bol­dy (paý­na­ma­la­ryň we ob­li­ga­si­ýa­la­ryň çy­ka­ryl­ma­gy ar­ka­ly). Ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek we bir­leş­dir­mek me­se­le­si­niň oňyn çö­zül­me­gi tä­ze kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek we kä­mil­leş­dir­mek işi­ne uly tä­sir ed­ýär. Şol se­bäp­li, gaz­na bir­ža­la­ry­nyň kä­mil­leş­me­gi ba­zar yk­dy­sa­dy­ýet­li döw­let­ler­de yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup çy­kyş ed­ýär. Dün­ýä tej­ri­be­sin­de gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry, adat­ça, gaz­na ba­za­ry di­ýen dü­şün­je bi­len bi­le ula­nyl­ýar.
Gaz­na ba­za­ry­nyň ösü­şi­niň dür­li tap­gy­ryn­da «bir­ža» sö­zü­ne hem yk­dy­sat­çy­lar dür­li kes­git­le­me ber­ýär­ler. Bir­ža söw­da­ny ama­la aşyr­ýan hü­när­men­ler, ýag­ny di­ler­ler we del­lal­lar üçin ni­ýet­le­nen, ýö­ri­te en­jam­laş­dy­ry­lan ba­zar ýe­ri diý­mek­dir.
Gaz­na bir­ža­sy bol­sa söw­da ýe­ri bi­len berk bel­le­nen gu­ra­ma­çy­lyk­ly, bäh­bit­li gym­mat­ly ka­gyz­la­ry we ope­ra­tor­la­ry saý­la­mak müm­kin­çi­lik­li, ge­le­şik­le­riň we olar bo­ýun­ça ha­sap­la­şyk­la­ryň bel­li­ge al­ny­şy­nyň mer­kez­leş­di­ri­len­li­gi, res­mi nyrh kes­me­giň (ko­ti­row­ka) ber­ki­dil­me­gi bi­len ta­nal­ýan we bir­ža­nyň ag­za­la­ry­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän mer­ke­zi ba­zar­dyr. Gaz­na bir­ža hök­mün­de di­ňe gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da söw­da­ny gu­ran we öz işi­ni yg­ty­ýar­na­ma (li­sen­zi­ýa) esa­syn­da ama­la aşy­ran ýag­da­ýyn­da yk­rar edil­ýär.
Hal­ka­ra tej­ri­be­den bel­li bol­şy ýa­ly, baş­lan­gyç tap­gyr­da yg­ty­bar­ly, hal­kyň yna­my­ny ga­za­nan hem-de ma­li­ýe taý­dan dur­nuk­ly kär­ha­na­la­ryň paý­na­ma­la­ry gaz­na bir­ža­la­ry­nyň res­mi sa­na­wy­na go­şul­ýar. «Aş­ga­bat» gaz­na bir­ža­sy ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­tin­de «Halk­bank» PTB-niň, «Se­na­gat» PTB-niň we «Rys­gal» PTB-niň paý­na­ma­la­ry res­mi sa­na­wa go­şul­dy. 2021-nji ýy­lyň ýan­war–maý aý­la­ryn­da «Aş­ga­bat» gaz­na bir­ža­syn­da bir­ža söw­da­la­ry ge­çi­ri­lip, olar­da ag­za­lan bank­la­ryň paý­na­ma­la­ry­ny sa­tyn al­mak-sat­mak bo­ýun­ça ge­le­şik­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2020-nji ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ryn­da­ky Ka­ra­ry bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­ny ös­dür­mek hem-de ma­li­ýe ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Halk­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky «Halk­bank» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­na öw­rü­lip, Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan «Halk­bank» tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň esas­lyk ma­ýa­syn­da­ky paý­na­ma­la­ry bel­le­nen ter­tip­de gaz­na bir­ža­syn­da des­sin ýer­leş­di­ril­di we uly is­le­ge eýe bol­dy.
Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy top­lu­myň we­kil­le­ri bi­len Ýew­ro­pa­nyň tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň ýur­du­myz­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da mil­li gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­ny hem-de gaz­na bir­ža­sy­ny hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň tej­ri­be­le­ri we sel­jer­me­le­ri esa­syn­da ös­dür­mek bo­ýun­ça yz­ygi­der­li du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­ýär. Şeý­le öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň has-da iş­jeň­leş­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň emis­si­ýa­sy ka­nu­na la­ýyk­lyk­da ha­sa­ba alyn­ýar. Do­la­ny­şy­gyň ýö­re­di­li­şi bo­ýun­ça aý­dyň­laş­dyr­ma iş­le­ri do­wam­ly ge­çi­ril­ýär.
Gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ry­nyň hä­zir­ki za­man ma­li­ýe ba­za­ry­nyň iň iş­jeň bö­le­gi­ne öw­rül­me­gi­ni ga­zan­mak üçin bu işe gat­na­şy­jy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öz­baş­dak okuw sa­pak­la­ry­nda sy­nag­lar ge­çi­ri­lip, ola­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan şa­ha­dat­na­ma­lar gow­şu­ryl­ýar. Şeý­le­lik­de, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň işi has kä­mil­leş­mek, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne tap­gyr­la­ýyn geç­mek işi­niň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy bar­ha ber­ke­mek bi­len. Bu bol­sa hal­ky­my­za gym­mat­ly ka­gyz­lar ba­za­ryn­da tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Yma­mgu­ly Re­je­pow,
Döw­ran Oraz­mäm­me­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry.