Se­ba Ste­fens ba­ry-ýo­gy 10 ýa­şyn­da, ýö­ne ol dep­rek, bas, gi­ta­ra we for­te­pia­no saz gu­ral­la­ry­ny ez­ber­lik bi­len ça­lyp bil­ýär. Se­ba ýa­kyn­da meş­hur Berk­li saz­çy­lyk kol­le­ji­niň on­laýn prog­ram­ma­sy ar­ka­ly aý­dym-saz hü­när şa­ha­dat­na­ma­sy­ny al­dy.
Se­ba­nyň maş­ga­la­sy ABŞ-nyň Ten­nes­si şta­ty­nyň Mem­fis şä­he­rin­de ýa­şa­ýar. Mem­fis aý­dym-saz­ly şä­her­le­riň bi­ri­dir. Og­lan­jyk ça­ga­lyk­dan dep­rek çal­ma­ga hö­wes ed­ýär. Üç ýa­şyn­da­ka hos­sar­la­ry on­dan sow­gat hök­mün­de nä­me is­le­ýän­di­gi­ni so­ran­la­ryn­da, ol: «Dep­rek» di­ýip jo­gap ber­ýär. Ene-ata­sy onuň is­le­gi­ni ama­la aşyr­ýar. Ony okad­ýan dep­rek­çi mu­gal­lym Se­ba­nyň ýi­ti ze­hi­ni­niň bar­dy­gy­ny, dört ýa­şyn­da­dy­gy­na se­ret­mez­den eý­ýäm dep­rek çal­ma­gy öw­re­nen­di­gi­ni aýd­ýar. Soň­ra onuň hö­we­si has-da ar­typ, gi­ta­ra we pia­ni­no çal­ma­gy hem öw­ren­ýär. Se­ba ça­ga­lar ba­gy­na gat­na­ýan döw­rün­de ol ýer­de aý­dym-saz to­pa­ry­ny dö­red­ýär. Ça­ga­lar­dan dü­zü­len to­pa­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän aý­dym-saz­la­ry­na ter­bi­ýe­çi­le­ri geň gal­ýar­lar.
2020-nji ýyl­da Se­ba 8 ýa­şyn­da­ka Berk­li saz­çy­lyk kol­le­ji­niň to­mus­ky on­laýn prog­ram­ma­sy­na go­şul­ýar. Şeý­dip ol to­mus­ky dynç alyş­da bas saz gu­ra­ly­ny çal­ma­gy öw­ren­ýär. 2021-nji ýyl­da Ahu­ta şta­tyn­da «Rok saz­ly mek­de­bin­de» çy­kyş ed­ýär. Bir­nä­çe saz gu­ra­ly­ny ça­lyp bil­ýän ki­çi­jik sa­zan­da köp­çü­li­giň söý­gü­si­ni ga­zan­ýar. Se­ba Berk­li saz­çy­lyk kol­le­ji­niň «Pro­fes­sio­nal» şa­ha­dat­na­ma­sy gow­şu­ryl­ýar. Ol bu şa­ha­dat­na­ma­ny alan iň ýaş sa­zan­da­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Se­ba «Sound­Box» aý­dym-saz to­pa­ryn­da çy­kyş ed­ýär. Žur­na­list­le­riň Se­ba­nyň ene-ata­sy bi­len ge­çi­ren söh­bet­deş­li­gin­de: «Ça­ga ýaş­ly­gyn­da uly üns ber­me­li. Ola­ryň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ly. Se­bä­bi ça­ga­nyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri we ösü­şi gö­nü­den-gö­ni hos­sar­la­ry­na bag­ly bo­lup dur­ýar» di­ýip jo­gap ber­di­ler.